Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän sement zawody ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň biridir. 2024-nji ýylda zawodyň ikinji tapgyrynyň ulanyşa girizilmegi sement önümçiliginiň möçberiniň ep-esli artmagyna mümkinçilik berdi.

Geçen ýylyň degişli döwründe kärhanada 1 million 251,6 müň tonna sement öndürilen bolsa, 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda bu görkeziji 1 million 701,1 müň tonna ýetdi. Zawodyň önümlerine içerki bazarda uly isleg bildirilýär, şeýle hem öndürilýän sementiň ep-esli bölegi eksport edilýär.

Kärhanada önümçiligiň esasy ugurlary hökmünde sementiň hiline, ykdysady netijelilige we ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ýerde portlandsementiň we gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda giňden ulanylýan ýokary hilli sulfata durnukly sementiň dürli görnüşleri öndürilýär.

Taýýar önümler ýörite konweýerleriň üsti bilen ammarlara geçirilýär. Ol ýerden sement haltalara gaplanyp awtoulaglar arkaly ýa-da dökme görnüşinde demir ýol wagonlaryna ýüklenip, degişli ýerlere iberilýär. Önümçilik işleriniň üznüksiz alnyp barylmagyna merkezi dispetçer bölüminiň hünärmenleri awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly gözegçilik edýärler. Bu bolsa önümçilik tapgyrlaryna yzygiderli gözegçilik etmäge we önümleriň öz wagtynda iberilmegine ýardam berýär.

Önümçilikde ulanylýan çig mallaryň hil görkezijileri laboratoriýada berk barlagdan geçirilýär. Kärhananyň Germaniýanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi önümleriň halkara standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýär.

Köýtendag sebitiniň hek daşy, kwars çägesi, gips we toýun ýaly tebigy çig mal gorlaryna baý bolmagy hem-de çig mal känleriniň zawoda ýakyn ýerleşmegi önümçilik üçin amatly şertleri döredýär. Bu ýagdaý çig malyň daşalyş çykdajylaryny azaltmaga, önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge we kärhananyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.