Lebap welaýatynyň Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginde tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda ilata ýardam bermek we ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.

Çärä halkara hünärmenler, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilaty öz wagtynda habarly etmegiň, raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hem-de olaryň şeýle ýagdaýlarda dogry hereket etmek başarnyklaryny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Gatnaşyjylar bu ugurda özara pikir alyşyp, tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň wekilleri dürli tebigy we durmuş häsiýetli hadysalarda ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary, zerur çäreleriň yzygiderliligi barada giňişleýin düşündiriş berdiler.

Maslahatyň çäklerinde geçirilen sowal-jogap alyşmalar we görkezilen okuw wideofilmleri gatnaşyjylaryň bilimlerini baýlaşdyrmaga, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berdi.

Şeýle okuw maslahatlary ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, halas ediş işleriniň netijeliligini gazanmakda we jemgyýetde howpsuzlyk medeniýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.