Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan 28-nji oktýabrda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.
Çäre sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Dänew etrabynyň H. Babakulyýew köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasynda guralar.
Çäre barada goşmaça maglumat almak üçin (800446) 3-19-49 telefon belgisine ýüz tutup bolýar.
Boş iş orunlaryny hödürlemek isleýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan iş orunlary baradaky maglumatlar bilen çärä gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini hem-de hünärini tassyklaýan resminamasyny ýanlarynda getirmelidirler.
Bu çäre iş gözleýän raýatlara boş iş orunlary bilen tanyşmaga we iş berijiler bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.




