Lebap welaýatynyň Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygy Türkmenabadyň golaýynda ýerleşýän guşçulyk toplumynyň önümçilik binalaryny kärendesine alyp, bu ýerde önümçiligi ýola goýdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine degişli bolan guşçulyk toplumynda häzirki wagtda önümçilik işleri bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Täze önümçilik meýdançasynda sanitariýa, weterinariýa we zootehniki kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

«Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň esasy önümçilik toplumy 50 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde ýylda 16 million sany ýumurtga we 8 müň tonna towuk eti öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümleri, şeýle hem 14 million jüýje çykarmaga mümkinçilik berýän inkubator işleýär.

Daýhan hojalygy Türkmenabadyň golaýyndaky guşçulyk toplumynyň önümçilik binalary bilen bir hatarda Balkanabadyň golaýynda ýerleşýän guşçulyk toplumynyň hem önümçilik desgalaryny kärendesine aldy.

Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi guşçulyk pudagynda önümçiligi artdyrmaga, içerki bazaryň towuk eti we ýumurtga önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.