Türkmenistanyň dokuz ýaşly tennisçisi Alihan Nuryagdyýew «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryş 16–22-nji noýabr aralygynda Ispaniýanyň Malýorka adasyndaky Manakor şäherinde, dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadalyň adyny göterýän tennis akademiýasynda geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

U10 ýaş toparynda (2016-njy ýylda we ondan soň doglan oglanlaryň arasynda) çykyş eden türkmen türgeni toýun kortlarda geçirilen ýaryşda 16 ýurtdan gelen 20 türgen bilen bäsleşdi. Alihan finala çenli bolan duşuşyklaryň ählisinde garşydaşlaryna hiç bir seti bermedi.

Ol 1/8 finalda Günorta Koreýanyň wekili Ýunho Sony 6:2, 6:1 hasabynda, çärýek finalda bolgariýaly Nikolaý Awramowy 6:1, 6:0 hasabynda, ýarym finalda bolsa türkiýeli Jan Rauf Tunçy 6:0, 6:2 hasabynda ýeňdi. Final duşuşygynda üç setiň netijesinde litwaly Kristupas Klowasa 4:6, 6:4, 3:6 hasabynda ýeňildi.

Manakorda geçirilen ýaryşa 2010–2017-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar ýaş aýratynlyklary boýunça ýedi toparda gatnaşdylar. Bu ýaryş Ýewropanyň, Afrikanyň, Awstraliýanyň, ABŞ-nyň we Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy tennis merkezlerinde her ýyl geçirilýän «TEN-PRO Global Junior Tour» tapgyrynyň bir bölegidir.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her bir gatnaşyjy öz ýaş toparynda azyndan dört duşuşyk geçirýär. Özünden bir ýaş uly türgenleriň toparynda hem çykyş edýän türgenler bolsa bir hepdäniň dowamynda azyndan sekiz duşuşyga gatnaşýarlar. Ähli netijeler Universal Tennis Rating (UTR) reýtingine goşulýar. Tapgyryň jemleri boýunça «TEN-PRO» umumy reýtingi düzülýär. Şol sanawyň öňdebaryjy türgenlerine hemaýatkärlik esasynda sport egin-eşikleri ýa-da Nadalyň akademiýasynda bir hepdelik mugt türgenleşik mümkinçiligi berilýär.

Alihan Nuryagdyýew 2026-njy ýylyň maý aýynda Gazagystanda geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» tapgyrynyň iki halkara ýaryşynda hem üstünlikli çykyş edip, ýekelikde we jübütleýin bäsleşiklerde jemi dört medal — üç altyn we bir bürünç medal gazanypdy.

Alihan A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy bolup, okuwyny tennis türgenleşikleri we daşary ýurtlardaky ýaryşlara gatnaşmak bilen utgaşdyrýar. Onuň tälimçisi Ýuriý Rogusskidir.