2026-njy ýylyň 1–10-njy noýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri ýaryşynyň ikinji tapgyry geçirildi. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden jemi 181 türgen gatnaşdy. Dokuz tapgyrdan ybarat bolan ýaryşda küştçüler şahsy we toparlaýyn hasaplarda öňdäki orunlar ugrunda bäsleşdiler.
Bäsleşik dürli ýaşdaky küştçüleri bir ýere jemledi. Oňa alty ýaşly çagalardan başlap, 18 ýaşa çenli türgenler gatnaşdy. Açyk kategoriýada 125 küştçi, zenanlaryň arasynda bolsa 56 türgen öz başarnygyny görkezdi.
Açyk kategoriýada esasy ünsi çeken netijäni Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy, sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew gazandy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, ýokary reýtingli garşydaşlaryndan öňe saýlandy we ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy. Ikinji orny 7,5 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýeledi. Üçünji orna bolsa 7 utuk toplan FIDE ussady Mergen Kakabaýew çykdy.
Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde hem güýçli göreş ýaýbaňlandy. Iki küştçi 8 utuk toplap, iň ýokary netijäni görkezdi. Goşmaça görkezijiler boýunça Mary welaýatynyň wekili Jennet Ýalkanowa birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. «Küşt älemi» akademiýasynyň ýaş türgeni Nurana Soýunowa kümüş medal gazandy. Lebap welaýatynyň wekili Mähri Agamyradowa bolsa bürünç medala eýe boldy.
Ýaryşyň dowamynda ýedi ýaş topary boýunça hem iň güýçli küştçüler kesgitlendi. Bu toparlarda çykyş eden ýaş türgenler taýýarlyk derejesini we ýeňşe bolan erjelligini görkezdiler.










