Türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda, şol sanda edebiýat we döredijilikde halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle ýaş zehinleriň biri hem 22 ýaşly ýazyjy Diana Muratjanowadyr. Ol öz eserlerinde ýaşlygyň duýgularyny, arzuwlaryny we durmuş baradaky garaýyşlaryny beýan edip, türk dilinde çap edilen kitaplary bilen okyjylaryň ünsüni çekmegi başardy.
Diana Muratjanowa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň uçurymy bolup, edebiýata bolan gyzyklanmasyny heniz okuw ýyllarynda ýüze çykardy. Ol öz içki duýgularyny we durmuş baradaky pikirlerini ýazuw arkaly beýan edip başlady. Yzygiderli döredijilik gözlegi ýaş awtora gysga wagtyň içinde ilkinji eserlerini okyjylara hödürlemäge mümkinçilik berdi.
«Serbest Bırakın Benim Hayallerimi» — ilkinji kitap
Diana Muratjanowanyň ilkinji kitaby «Serbest Bırakın Benim Hayallerimi» («Arzuwlarymy erkin goýuň») 2021-nji ýylda Türkiýäniň «Gece Kitaplığı» neşirýaty tarapyndan çap edildi. 270 sahypalyk eser ýaş awtoryň ruhy dünýäsini we filosofiki garaýyşlaryny açyp görkezýär.
Kitapda ýetginjekleriň durmuşynda gabat gelýän kynçylyklar, ýitgi, arzuwlara bolan ynam we geljege bolan umyt ýaly temalar öňe çykarylýar. Eserde ýaşlaryň öz maksatlaryna ýetmek isleginiň, kynçylyklara garamazdan arzuwlaryndan ýüz öwürmezliginiň ähmiýetine aýratyn üns berilýär.
«Mutluluk Nedir?» — bagtyň manysyny gözleýän eser
Ilkinji kitabynyň yzyndan Diana Muratjanowa döredijilik işini dowam etdirip, «Mutluluk Nedir?» («Bagyt näme?») atly ikinji eserini ýazdy. 2022-nji ýylda çap edilen bu kitap 500 sahypadan gowrak göwrümi bilen tapawutlanýar.
Eserde bagt düşünjesiniň manysy, onuň adamyň durmuşyndaky orny we hakyky bagtyň gözbaşy barada pikir ýöredilýär. Awtor bagty diňe daşky mümkinçilikler bilen däl, eýsem adamyň içki dünýäsi, arzuwlary we durmuş tejribesi bilen baglanyşdyrýar.
Diana Muratjanowanyň kitaplarynyň Türkiýäniň kitap söwdasyna degişli internet platformalarynda ýerleşdirilmegi onuň döredijiliginiň has giň okyjylar köpçüligine ýetmegine mümkinçilik berdi. Iki eseriň umumy göwrümi 750 sahypadan geçýär.
Ýaş awtoryň eserlerini türk dilinde ýazmagy diňe bir onuň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmän, eýsem türkmen ýaşlarynyň edebiýat arkaly halkara giňişligine çykyp bilýändigini hem görkezýär. Onuň döredijilik işi türkmen we türk okyjylarynyň arasynda medeni hem-de ruhy gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýan başlangyçlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilip bilner.
Mekdep ýyllaryndan başlanan bu döredijilik ýolunyň ýaş awtoryň geljekki eserleri üçin hem berk binýat bolmagyna garaşylýar. Diana Muratjanowanyň döredijilik üstünlikleri ýaşlaryň edebiýata bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we öz zehinlerini ösdürmek babatda görelde bolup hyzmat edýär.






