Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilata hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň hilini döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Telekeçiligi ösdürmek, hususy önüm öndürijileri goldamak hem-de olaryň işini giňeltmegi üçin amatly şertleri döretmek bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Her gün» haryt nyşanly önümçilik bölümine degişli süýjülikler merkezi hem bu ugurda netijeli iş alyp barýar. Kärhana öz önümçilik mümkinçiliklerini giňeldip, ilata dürli görnüşli süýjülikleri hödürleýär.
Häzirki döwürde hususy telekeçiligiň ösdürilmegi ýerli önümçiligiň gerimini giňeltmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de içerki bazaryň dürli görnüşli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Her gün» haryt nyşanly süýjülikler merkeziniň işiniň barha giňelmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň bir bölegi bolup durýar.






