Ynsan ömrüniň gymmaty onuň halal zähmeti, adamlara eden ýagşylygy we geljekki nesillere galdyran göreldesi bilen ölçenýär. Ömrüniň köp bölegini saglygy goraýyş ulgamyna bagyşlap, müňlerçe adamyň saglygyny goramaga goşant goşan ildeşlerimiziň biri-de Ahmet Mergenowdyr. Onuň köpýyllyk zähmet ýoly lukmançylyk kärine bolan söýginiň, ýokary jogapkärçiligiň we ynsanperwerligiň aýdyň nusgasydyr.

Ahmet Mergenow 1946-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Darganata etrabynyň Sediwer geňeşliginiň Şyharyk obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol Magtymguly Pyragy adyndaky 1-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlandan soň, durmuşyny ynsan saglygyny goramak işine bagyşlamagy ýüregine düwýär. Şu maksat bilen 1965–1971-nji ýyllarda Azerbaýjan döwlet lukmançylyk institutynyň sanitariýa-gigiýena fakultetinde bilim alýar.

Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, Darganata etrabyndaky Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda zähmet ýoluna başlaýar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda sanitariýa-epidemiologiýa ulgamynda dürli jogapkärli wezipelerde, şol sanda bakteriologiýa barlaghanasynyň müdiri, baş lukman, degişli gulluklaryň ýolbaşçysy we epidemiolog lukmany bolup işleýär.

Ahmet Mergenow zähmet çekýän döwründe diňe bir öz hünär borjuny ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem aýratyn üns berýär. Ýaş lukmanlara maslahatlaryny berip, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam edýär. Baý tejribesi, guramaçylyk ukyby we saýlap alan kärine bolan yhlasy bilen kärdeşleriniň hem-de ildeşleriniň arasynda uly hormat-sylaga eýe bolýar.

Halypa lukmanyň ömür ýoly saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler üçin görelde mekdebidir. Ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işe bagyşlanan şeýle ömürler jemgyýetde hemişe sarpalanýar.