«Amazon» kompaniýasy awtoulaglary internet arkaly satmaga niýetlenen «Amazon Autos» hyzmatyny Beýik Britaniýada hem işe girizer. Meýilnama laýyklykda, geljek ýylyň başyndan başlap, ýurduň ýaşaýjylary bu platformanyň üsti bilen täze we ozal ulanylan awtoulaglary satyn alyp bilerler.
Şeýlelikde, «Amazon Autos» hyzmaty ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşary çykarylar. Beýik Britaniýada bu taslama «Hyundai» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler. Mundan başga-da, alyjylar ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän 200 sany awtoulag satuw nokadynda hödürlenýän ulaglary hem platforma arkaly sargyt edip bilerler.
«Amazon» geljekde awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan beýleki kompaniýalar bilen hem hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Hyzmatyň ýene bir aýratynlygy müşderilere öz awtoulaglarynyň bazar bahasyny kesgitlemäge mümkinçilik bermegidir.
Häzirki wagtda «Amazon Autos» platformasynda 35 sany awtoulag brendiniň önümleri hödürlenýär. Täze hyzmatyň işe girizilmegi kompaniýanyň awtoulag söwdasy bazaryndaky halkara işini giňeltmek ugrundaky möhüm ädimleriniň biri bolar.





