Lebap welaýatynyň ulag hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we ýolagçylaryň şäher içindäki gatnawlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen Türkmenabat şäherinde «Onlaýn taksi» atly täze hyzmat işe girizildi. Taslama «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki başlangyjy esasynda amala aşyryldy.
Täze hyzmat şäher ilatyna we myhmanlara gije-gündiziň dowamynda taksi sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Ulgam ýolagçylaryň şäheriň islendik nokadyna tiz hem-de amatly barmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmakda we sargyt işini has netijeli guramakda möhüm ähmiýete eýedir.
«Onlaýn taksi» hyzmatynyň aýratynlyklarynyň biri sargyt baradaky maglumatlaryň awtomatiki usulda habar berilmegidir. Ýolagçy sargydy tassyklanandan soň, awtoulagyň geljek wagty barada maglumat alýar. Bu mümkinçilik garaşmak wagtyny meýilleşdirmäge, gatnawy öňünden guramaga we gündelik işlerde wagty tygşytlamaga ýardam edýär.
Täze ulgamyň Türkmenabatda işe girizilmegi sanly tehnologiýalaryň ulag pudagyna ornaşdyrylmagynyň nobatdaky mysaly bolup durýar. Ozal Aşgabat şäherinde ulanylyp, netijeliligini görkezen şeýle hyzmatyň Lebap welaýatynyň merkezinde hem ýola goýulmagy şäher ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşmagyna goşant goşar. Mundan başga-da, taksi hyzmatlarynyň sanly görnüşe geçirilmegi ýolagçylar üçin sargyt etmegiň has amatly usullaryny döredýär.
Taksi sargyt etmek isleýän raýatlar «Onlaýn taksi» ykjam goşundysyndan peýdalanyp bilerler. Şeýle hem 0555, 0655 we 0656 gysga belgilerine jaň etmek arkaly ulag sargyt etmek mümkin.
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň täze başlangyjy Türkmenabatda ýolagçy gatnawlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, döwrebap hyzmatlary giňeltmäge we ilatyň gündelik ulag zerurlyklaryny has amatly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.







