Lebap welaýatynda ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we gaz infrastrukturasyny giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. «Lebapgazü üpjünçilik» müdirligi tarapyndan 2026-njy ýylyň başyndan bäri welaýatda jemi 44 kilometr 148 metr täze gaz geçirijisi çekildi. Şeýlelikde, bu ugurda ýyllyk meýilnama bellenilen möhletden öň ýerine ýetirildi.
Täze gurlan gaz geçirijileriniň 16 kilometr 118 metri eltiji, 28 kilometr 30 metri bolsa içerki gaz geçirijilerinden ybarat. Geçirilen işleriň esasy bölegi oba ilatly ýerlerini tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirildi. Hasabat döwründe obalarda 31 kilometr 732 metr, şäherlerde we şäherçelerde bolsa 12 kilometr 416 metr gaz geçirijisi çekildi.
Welaýatda gaz üpjünçiligini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde Dänew we Kerki etraplary aýratyn tapawutlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu etraplaryň hersinde 5 kilometrden gowrak täze gaz geçirijisi gurlupdyr.
Hususan-da, Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde täze hojalyklara çekilen gaz geçirijileriniň umumy uzynlygy 3 kilometr 900 metrden geçdi. Dänew etrabynyň Ýyldyz geňeşliginde bolsa 2 kilometrlik gaz geçirijisi ulanmaga taýýar edildi.
Täze gaz geçirijileriniň çekilmegi, ilkinji nobatda, oba ýerlerinde ýaşaýjylaryň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, täze hojalyklary gaz ulgamyna birikdirmäge we ilatyň durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.








