Türkmenistanyň çagalary goramak ulgamyny kämilleşdirmek, maşgalalara berilýän goldawy güýçlendirmek we durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça halkara tejribäni öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. Şu maksat bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Azamat Seýdullaýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda iş saparynda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen saparyň esasy maksady çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalalara goldaw bermek, durmuş hyzmatlaryny ösdürmek hem-de alternatiw terbiýe we ideg usullary boýunça halkara tejribäni öwrenmekden ybarat boldy.

Iş saparynyň dowamynda maşgala goldawynyň netijeli görnüşleri, çagalaryň maşgala gurşawynda alternatiw ideg bilen üpjün edilmegi, ösüşinde aýratynlyklary bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna ýardam bermek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda işleýän edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollaryna aýratyn üns berildi.

Halkara tejribäni öwrenmek diňe bir degişli ugurda öňdebaryjy çemeleşmeler bilen tanyşmaga däl, eýsem olary milli şertlere laýyklykda peýdalanmagyň mümkinçiliklerine hem baha bermäge şert döredýär. Hususan-da, maşgalalara gönükdirilen goldaw hyzmatlarynyň ösdürilmegi, çagalaryň öz maşgala gurşawynda terbiýelenmegi üçin şertleriň döredilmegi we aýratyn goldawa mätäç çagalar bilen işleriň kämilleşdirilmegi bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Türkmen wekiliýetiniň Londona iş sapary ýurdumyzda çagalary goramak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň tejribe taýdan baýlaşmagyna ýardam eder.