Ýurdumyzda oba hojalygynyň möhüm möwsümi bolan pagta ýygymy dowam edýär. Bu jogapkärli döwürde daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen pagta hasyly ýygnalyp, harmanlar günsaýyn beýgelýär.
Pagtaçy daýhanlaryň armasyny ýetirmek, olaryň çekýän zähmetine hormat-sarpa goýmak maksady bilen Dänew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Daýhanlar baýaýar — ýurt kuwwatlanýar» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Günortan arakesmesinde guralan çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, kärendeçiler hem-de mehanizatorlar gatnaşdylar.
Aýdym-sazlara beslenen dabarada ýerine ýetirilen eserler oba zähmetkeşlerine ruhubelentlik paýlap, olaryň tutanýerli zähmetine ruhy goldaw boldy. Çykyşlarda ýurdumyzda halkyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, oba hojalygyny ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellenildi.
Şeýle çäreler daýhanlaryň zähmetine sarpany artdyrmak, olaryň täze üstünliklere bolan höwesini ýokarlandyrmak hem-de oba zähmetkeşleriniň arasynda agzybirligi berkitmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.





