Türkmen saçagynyň bezegi bolan ak palaw halkymyzyň milli tagamlarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu tagamyň esasy önümi bolan şaly bolsa Lebap welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän möhüm oba hojalyk ekinleriniň biridir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sebitiň şalyçylary 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Şu maksat bilen tomus aýlarynda 10 müň 200 gektar meýdana şalynyň 10-a golaý sorty ekildi.
Ekin meýdanlarynda täze sortlaryň hem ösdürilip ýetişdirilmegi şalyçylygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge we hasyllylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şol sortlaryň biri bolan «Galpakbaş» Lebap welaýatynda soňky 3–4 ýyldan bäri ekilýär. Daýhanlaryň tejribesine görä, bu sort birnäçe beýleki sortlara garanyňda ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. «Müňbaş» sorty hem gowy hasyl berýän görnüşleriň hatarynda görkezilýär.
Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde zähmet çekýän şalyçylar Agamyrat we Batyr Jumagulyýewler birnäçe ýyldan bäri «Galpakbaş» sortuny ekip, oňyn netijeleri gazanýarlar. Olaryň tejribesi şaly ösdürip ýetişdirmekde sort saýlamagyň we topragyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini görkezýär.
Şalyçylaryň yhlasly zähmeti, täze sortlary synagdan geçirmek we öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly sebitiň şaly önümçiligini ösdürmäge goşant goşulýar. Şu ýyl bellenilen hasyl möçberine ýetmekde daýhanlaryň tutanýerli zähmeti möhüm ähmiýete eýe bolar.







