Lebap welaýatynyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde «Gylyçbaý arna» akabasynyň ähmiýeti uludyr. Etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň çäginden geçýän bu akaba welaýatyň demirgazyk bölegindäki ekin meýdanlaryny suwarmakda möhüm orny eýeleýär.
Halypa mirap Amangeldi Şukurow her gün säher bilen akabanyň oba golaýyndan geçýän ýerine gelip, suwuň akymyny synlaýar. Ol suwuň derejesindäki üýtgeşmeleri, akymyň güýjüni we möçberini tejribesine daýanyp kesgitleýär.
Mirabyň bellemegine görä, soňky günlerde akabanyň suwy birneme artypdyr. Häzirki wagtda, esasan, aralyk ekinlere we gögeriş alan bugdaý meýdanlaryna suw tutulýar. Meýdanlaryň köpüsiniň zerur suw bilen üpjün edilmegi güýzlük ekinleriň kadaly ösüşi üçin möhüm şert bolup durýar.
Güýz paslynda howanyň irden salkyn, gündizlerine bolsa maýyl bolýan günlerinde hem akabanyň boýunda howanyň aramlygy duýulýar. Suwuň akymy, kenarýaka ösümlikleri we gadymy söwüt agaçlary bu ýere özboluşly gözellik berýär.
Ýerli ilat arasynda «Gylyçbaý arna» ady bilen tanalýan bu akaba ata-babalarymyzdan miras galan suwaryş ulgamynyň möhüm bölegidir. Onuň suwuny rejeli peýdalanmak, akabanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek we ekin meýdanlaryny wagtynda suwarmak oba hojalygynda bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir.








