Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşdan sag-aman çykarmak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatda ownuk we iri şahly mallary, şeýle hem düýeleri idetmek bilen meşgullanýan bäş sany maldarçylyk hojalygy hereket edýär.

Bu hojalyklarda jemi 109 müň 660-dan gowrak baş mal idedilýär. Şolaryň takmynan 54 müň 780-si ene mallardan ybarat. Şeýle hem hojalyklarda 1 müň 300-e golaý iri şahly mal, şol sanda 300-den gowrak sygyr we 2 müň 760 düýe bar. Düýeleriň takmynan 1 müň 280-si ene düýelerdir.

Gyş möwsümine taýýarlyk işleri ýylyň dowamynda meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli mallary saklamak üçin niýetlenen 309 sany agyl, 89 sany mal ýatagy, 520 sany adaty guýy we iki sany artezian guýusy abatlaýyşdan geçirilip, gyş möwsümine doly taýýar edildi.

Mallaryň gyş paslynda ýeterlik iýmit bilen üpjün edilmegi üçin hem ot-iým taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagta çenli jemi 7 müň 536 tonna ot-iým ätiýaçlygy toplanyldy. Şol sanda 4 müň 59 tonna gök baldakly ot, 1 müň 910 tonna çemenlik oty, 1 müň 265 tonna saman, 247,67 tonna ýorunja bedesi we 55 tonna arpa taýýarlanyldy.

Welaýatyň ähli maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümi üçin goşmaça ot-iým ätiýaçlyklaryny döretmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugurda Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» we Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynda netijeli işler geçirilýär.

Ot-iým gorlarynyň ýeterlik möçberde taýýarlanylmagy, mal saklanýan desgalaryň abatlanmagy we guýularyň işe taýýar edilmegi mallaryň gyş möwsüminde talabalaýyk idedilmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.