Her uly futbolçy bir wagtlar ilkinji topy depen kiçijik çaga bolupdyr. Çaganyň ukyplaryny irki ýaşdan açmak, oňa sporta söýgi döretmek we dogry başlangyç bermek geljekdäki üstünlikleriň esasy bolup durýar. «FC Bars Türkmenabat» şu ýoly saýlamaga taýyn ugurdaş ata-eneleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Türgenleşikler Russiýanyň Kazan şäherinde iş tejribesini geçen hünärli tälimçi tarapyndan geçirilýär. Tälimçiniň tejribesi çagalara täze usullary we häzirki zaman çemeleşmesini ýetirmäge ýardam berýär. Çagalar mekdepde topy dogry eýelik etmek we geçirmek (tehnika), bedeniň hereketlerini utgaşdyrmak (koordinasiýa) hem-de oýnuň dowamynda dogry çözgüt kabul etmek (pikirlenmek) ýaly esasy usullary öwrenýärler. Futbolçylar yzygiderli türgenleşip, dürli ýaryşlara gatnaşýarlar we oýun tejribesini toplaýarlar.
Çaganyň ukyplaryny açmak üçin iň gowy wagt şu wagt. Ýerler çäkli bolup biler, şonuň üçin ýazylmagy yza süýşürmäň.
📞 Giňişleýin maglumat we ýazylmak üçin jaň ediň:
+993 62 52 07 54
FC Bars Türkmenabat bilen geljekki futbol ussadyňyzyň ilkinji ädimini bu gün ädiň!






