Lebap welaýatynyň merkezindäki 9-njy orta mekdepde düzzüm oýny boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda toparlaýyn ýaryş geçirildi. Oňa gatnaşan ýaş türgenler özleriniň oýna bolan başarnyklaryny, pikirleniş ukyplaryny we ussatlyklaryny görkezdiler.
Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenabat şäheriniň birinji topary iň köp utuk toplap, baş baýragyň eýesi boldy. Saýat etrabynyň topary ikinji orna, Türkmenabat şäheriniň ikinji topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Ýaryşyň dowamynda şahsy ussatlygy bilen tapawutlanan Amir Owezow, Umit Haitow, Dilnaza Jumaniýazowa we Selbi Maşaripowa iň ökde oýunçylar diýlip yglan edildi.
Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň milli sport oýunlaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň zehinini we başarnyklaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, düzzüm oýnunyň giňden wagyz edilmegine hem ýardam berýär.






