2026-njy ýylyň 5–10-njy noýabry aralygynda Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-Pri ýaryşynyň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçiriler.

Ýaryş küşt oýny bilen meşgullanýan türgenleriň öz başarnyklaryny görkezmekleri we tejribe toplamaklary üçin mümkinçilik döreder.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň medallary, hormat hatlary we sowgatlary gowşurylar. Ýaryşyň pul baýraklarynyň umumy gaznasy 10 müň manada deň bolar.

Ýaryşa gatnaşmak isleýänler hasaba alyş we goşmaça maglumatlar üçin şu salgydan peýdalanyp bilerler.