Her bir ene-atanyň arzuwy perzendiniň edepli, bilimli, jemgyýete peýdaly şahsyýet bolup ýetişmegidir. Şeýle nesli terbiýelemekde diňe bir maşgala däl, eýsem, mugallymlaryň, tälimçileriň we tejribeli adamlaryň hem uly orny bar. Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge, olaryň sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesini artdyrmaga goşant goşýan şeýle ynsanlaryň zähmeti aýratyn hormata mynasypdyr.

Döwletli etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Penji Begaliýew hem ýaşlary sporta çekmekde, olary türgenleşdirmekde we durmuşda öz ornuny tapmaga ugrukdyrmakda görelde görkezýän adamlaryň biridir.

Ol indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri il arasynda «Penji pälwan» ady bilen tanalýar. Penji Begaliýewiň göreşe bolan höwesi çagalyk ýyllaryndan başlanypdyr. Oba toýlarynda geçirilýän göreş tutluşyklarynda görkezen başarjaňlygy, batyrgaýlygy we garşydaşynyň emellerine çalt jogap berip bilşi onuň pälwan hökmünde kemala gelmegine ýol açypdyr.

Güýçli pälwanlar bilen geçirilen tutluşyklar ýaş türgeniň öňünde täze maksatlary goýmagyna itergi beripdir. Ol mekdepde okaýan döwründen başlap, halkara ýaryşlara gatnaşyp, tejribesini artdyrypdyr. Erjelligi, çalasynlygy we göreş tilsimlerini ýerlikli ulanmagy netijesinde dürli ýaryşlarda üstünlik gazanypdyr.

Dünýäniň ussat pälwanlary bilen geçirilen tutluşyklarda gazanan netijeleri, yzygiderli okuw-türgenleşikleri Penji Begaliýewe sambo we kuraş boýunça sport ussatlygy derejesine ýetmäge mümkinçilik beripdir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alan ýyllarynda hem ol halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, köp gezek ýeňiş gazanypdyr.

Ýurdumyzda geçirilýän we halkara derejesindäki ýaryşlarda ýaşyl Tugumyzy belentde parladan Penji Begaliýewiň sportdaky üstünlikleri milli sportymyzyň abraýynyň artmagyna goşant goşdy. Häzirki wagtda tälimçi hökmünde toplan baý tejribesini ýaş nesle geçirmek bilen, olaryň sporta bolan höwesini ösdürmäge we täze ýeňişlere taýýarlanmagyna ýardam berýär.