Nesli ýok bolmak howpy abanýan deňiz jandarlarynyň biri bolan Demirgazyk ýylmanak kitleriniň (lat. Eubalaena glacialis) sany soňky döwürde ýene-de azaldy. Alymlaryň taýýarlan täze ýyllyk hasabatyna görä, olaryň sany 2 göterim peselip, 382-ä deň boldy.
Hasabatda bu kitleriň sanynyň öňki ýyllarda az-kem artandygy, emma soňky döwürde ýene-de pese düşendigi bellenilýär. Munuň esasy sebäpleriniň hatarynda deňiz suwunyň gyzmagy, kitleriň balykçylyk enjamlaryna çolaşmagy we gämiler bilen çaknyşmagy görkezilýär.
Demirgazyk Atlantik buzluk kiti geňeşiniň başlygy Hiter Pettisiň bellemegine görä, umman suwunyň temperaturasynyň ýokarlanmagy kitleriň esasy iýmit çeşmesi bolan ownuk deňiz organizmleriniň ýaşaýan ýerleriniň üýtgemegine getirýär. Iýmit gözlegindäki kitler şol organizmleriň yzyna düşüp, ýeterlik derejede gorag üpjün edilmedik deňiz sebitlerine gitmäge mejbur bolýarlar. Bu bolsa olaryň adam işjeňligi bilen bagly howplara sezewar bolmak ähtimallygyny artdyrýar.
Alymlaryň maglumatlaryna görä, 2010–2020-nji ýyllar aralygynda Demirgazyk ýylmanak kitleriniň sany 25 göterim azaldy. Geçen ýyl bu görnüşe degişli 20-den gowrak kit çagasy dünýä inse-de, olaryň umumy sanynyň durnukly artmagy üçin gorag we öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerur bolup galýar.
Hünärmenler bu deňiz jandarlaryny gorap saklamak üçin balykçylyk işleriniň we gämi gatnawlarynyň olaryň ýaşaýan ýerlerine ýetirýän täsirini azaltmagyň, şeýle hem deňiz ekoulgamynyň üýtgemegine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belleýärler.





