Dünýä belli oýnawaç öndürijisi «LEGO» kompaniýasy Ýewropadaky dördünji önümçilik zawodyny Portugaliýada gurmagy meýilleşdirýär. Täze taslama üçin Daniýanyň kompaniýasy 1 milliard ýewro möçberinde maýa goýum gönükdirer.
Zawod Portugaliýanyň Eştarreža şäherinde gurlar. Gurluşyk işlerine geljek ýyl başlamak, önümçilik toplumyny bolsa 2030-njy ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň çäklerinde häzirki zaman awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhana dörediler we onda müňden gowrak adam iş bilen üpjün ediler.
Täze önümçilik toplumy 60 gektar meýdany eýelär. Onuň ýapyk önümçilik we beýleki desgalarynyň umumy meýdany 115 müň inedördül metre barabar bolar. Kärhanada öndüriljek oýnawaçlar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynyň bazarlaryna iberiler.
Häzirki wagtda «LEGO» kompaniýasynyň Ýewropada Daniýada, Wengriýada we Çehiýada önümçilik desgalary hereket edýär. Portugaliýada guruljak täze zawod kompaniýanyň sebitdäki önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Böleklerden ýygnalýan «LEGO» oýnawaçlary dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, döredijilik we konstruktorlyk ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär.





