NASA-nyň «Curiosity» atly Mars roweri Gyzyl planetada arassa kükürdiň bardygyny ýüze çykardy. Bu açyş Marsyň geologik geçmişini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, onuň üstünde ozal duş gelmedik mineral maddanyň tapylandygyny görkezýär.

Waka 2024-nji ýylda bolup geçdi. Şonda alty tigirli «Curiosity» enjamy Marsyň üstündäki uly daşyň üstünden geçende, onuň döwlen ýerinden sary reňkli kristallar görünýär. Şondan soň geçirilen ylmy barlaglar bu kristallaryň arassa kükürtden ybaratdygyny tassyklady.

Mundan ozal alymlar Marsda düzüminde kükürt we kislorod bolan dürli minerallary ýüze çykarypdylar. Emma arassa kükürdiň tapylmagy ilkinji gezek hasaba alyndy. Bu açyş ýüze çykarylan sebitiň daşlyk meýdanynyň takmynan 2 müň 100 inedördül kilometre barabardygy bellenilýär. Gözlegiň netijeleri «Science» ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, Marsdaky kükürt gorlary 2,8–3,1 milliard ýyl ozal emele gelen bolmagy mümkin. Munuň şol döwürde planetada bolup geçen wulkan atylmalary bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Wulkan işjeňliginiň netijesinde emele gelen kükürtli gazlaryň ýerasty gatlaklarda saklanyp galan bolmagy, soňra bolsa basyş we himiki täsirleşmeler arkaly arassa kükürt kristallarynyň emele gelmegi mümkin.

Hünärmenler bu açyşyň Marsyň geologik taryhyna düşünmek üçin täze maglumatlary berýändigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, planetada arassa kükürdiň tapylmagynyň ol ýerde ozal ýaşaýşyň bolandygyny aňlatmaýandygy aýratyn nygtalýar.