Zähmete yhlasly çemeleşmek, öz hünärine bolan söýgi we yzygiderli kämilleşmek ynsany üstünliklere ýetirýär. Munuň aýdyň mysaly Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň baş ykdysatçysy Akmyrat Öwezowyň durmuş we zähmet ýoludyr. Ol köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, kärine wepalylygy hem-de işjeňligi üçin Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Akmyrat Öwezow üçin aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döwlet sylagyna mynasyp bolmagy onuň köpýyllyk zähmetiniň mynasyp ykrary boldy.
Akmyrat Öwezow orta mekdebi tamamlandan soň, 2003–2006-njy ýyllarda Aşgabatdaky A. Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde bilim alýar. Harby gullugyny tamamlap, 2008-nji ýylda Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda zähmet ýoluna başlaýar. Ilkibaşda kärhananyň dürli bölümlerinde we önümçilik düzümlerinde ykdysatçy hem-de buhgalter-hasapçy bolup işleýär.
2010–2014-nji ýyllarda zähmeti guramak we iş haky bölüminiň başlygy wezipesinde zähmet çekýär. 2014-nji ýyldan bäri bolsa zawodyň baş ykdysatçysy wezipesinde iş alyp barýar. Şeýle-de ol esasy wezipesi bilen birlikde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň kärhanadaky ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edýär.
Ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, hünär başarnyklary we öz işine bolan jogapkärçilikli garaýşy Akmyrat Öwezowyň kärinde kämilleşmegine hem-de uly üstünlikleri gazanmagyna mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylmagy hem onuň yhlasly zähmetine berlen mynasyp bahadyr.







