Türkmenabadyň 1-nji çörek kärhanasynda şu ýylyň dokuz aýynda önümçilik görkezijileri boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Ýanwar–sentýabr aýlarynda kärhanada jemi 6 müň 662 tonna çörek we çörek önümleri öndürilip, meýilnama 138,94 göterim ýerine ýetirildi.

Diňe geçen aýyň dowamynda 730 tonna çörek önümleri taýýarlanyldy. Şol möçberiň 270 tonnasy galypda bişirilen çörekleriň, 460 tonnasy bolsa milli çörekleriň paýyna düşýär. Kärhanada her gün ortaça 14,5 müňden gowrak galypda bişirilen we 29 müňden gowrak milli çörek öndürilip, ilata ýetirilýär.

1978-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýän kärhananyň önümçilik işi «Esasy çörek», «Milli çörek», «Lebap çörek» we «Altyn däne» ýaly şahamçalaryň sazlaşykly işine daýanýar. Bu ýerde çörek we çörek önümleriniň dokuz görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda «talyp», «altyn däne», «ak bugdaý», «höwesli», «gaýmakly», «baton», «kömelek» we «süýtli kak çöregi» ýaly önümler bar.

Önümçilikde tejribeli işgärleriň zähmeti aýratyn ähmiýete eýedir. «Esasy çörek» önümhanasynda Manzurohan Öwlýakulyýewa we Dilfuza Seýidowa, «Milli çörek» önümhanasynda Perhat Sapargulyýew we Jumagül Ereşowa, «Altyn däne» önümhanasynda Muhabbat Kurbanowa, Zeýnep Döwletowa we Husnura Tursunowa, «Lebap çörek» şahamçasynda bolsa Nadežda Kaşun we Gülbahar Umarowa yhlasly zähmet çekýärler.

Kärhananyň işgärleri ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmek arkaly ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga, bazarlarda bolçulygy üpjün etmäge goşant goşýarlar. Olaryň bellemegine görä, önümçilikde gazanylýan netijeler kärhanada döredilen iş şertleriniň we işgärleriň tutanýerli zähmetiniň netijesidir.