Türkmenistanda gurluşyk we senagat toplumynyň ösdürilmegi, önümçilik kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.
Şu ýylyň dowamynda welaýatda möhüm ähmiýetli birnäçe desganyň açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Täze ýol içerki gatnawlary ýeňilleşdirmek bilen birlikde, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmekde hem ähmiýetlidir.
Güýz paslynyň ilkinji gününde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy açyldy. Bu ýerde talyplaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy üçin zerur şertler döredildi.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Çärjew we Farap etraplarynyň her birinde döwrebap mekdep binalary hem ulanmaga berildi. Bu bilim ojaklary ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin niýetlenendir.
Sebitde gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda alnyp barylýan işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, önümçilik mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hem-de ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.







