Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Şolaryň biri hem Dostluk şäherinde gurulýan gipsakardon we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze zawod bilen baglydyr.

Täze kärhanada ýylda 20 million inedördül metr gipsakardon we 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürmek meýilleşdirilýär. «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetine degişli boljak zawody 2026-njy ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň çäklerinde kärhanany häzirki zaman Ýewropa enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda alnyp barylýar.

Täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi gurluşyk pudagynyň zerur bolan serişdelerini ýerli önümçiligiň hasabyna üpjün etmäge, çig mallardan netijeli peýdalanmaga we içerki bazaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ýurduň senagat önümçiliginiň ösdürilmegine goşant goşar.