Eýranyň «Kian Zarrin Persa» kompaniýasy 19-njy oktýabrda çap eden söwda seljermesinde Eýrandan Özbegistana hurma önümlerini daşamakda Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerine aýratyn orun berdi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň Farap serhet geçelgesi bu ugurdaky ýük daşamalarynda peýdalanylýan möhüm nokatlaryň biridir.
Seljermede Eýranyň günortasynda öndürilýän «Mazafati», «Rabbi» we «Kalute» görnüşli hurmalaryň 22–24 tonnalyk awtoulag ýükleri bilen daşalmagy, üstaşyr gatnawyň 10–15 gün dowam etmegi baradaky söwda şertleri beýan edilýär.
Kompaniýanyň hödürlän baha maglumatlarynda Farap geçelgesine çenli eltmek şertleri bilen birinji derejeli «Mazafati» hurmasynyň bir tonnasynyň 1400 ABŞ dollary, ikinji derejelisiniň 1160 dollar, «Rabbi» görnüşiniň bolsa 1550 dollar möçberinde bahalandyrylandygy görkezilýär. Şeýle hem hurmanyň görnüşine we çyglylygyna baglylykda sowadyjy enjamly ýa-da adaty ýük awtoulaglaryny ulanmagyň aýratynlyklary düşündirilýär.
Görkezilen bahalar döwlet tarapyndan tassyklanan nyrhlar däl-de, kompaniýanyň öz söwda tekliplerine esaslanýar. Bu seljerme Farap geçelgesiniň sebitara azyk söwdasynda ulanylyşyny görkezýär.





