Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň işgärleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Kärhanada şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda önümçilik görkezijileri boýunça oňyn netijeler gazanyldy.
Hasabat döwründe kärhanada 17 müň 976 kub metr gurnama demirbeton önümleri öndürilip, 19 million 90 müň 645 manatlyk önümçilik işi ýerine ýetirildi. Bellenilen meýilnama 100,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 103,71 göterime deň boldy.
Durky döwrebaplaşdyrylan kärhanada demirbeton önümleriniň ondan gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň arasynda köp boşlukly örtgi plitalary, ýol jähek daşlary, demirbeton sütünleri, bloklar, haýatlar we kerpiç bloklar bar. Bu önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde giňden peýdalanylýar.
Öndürilýän önümleriň hilini üpjün etmek maksady bilen kärhanada döwrebap barlaghana hereket edýär. Onda önümçilikde ulanylýan çig malyň hem-de taýýar demirbeton önümleriniň hil görkezijileri yzygiderli barlanylýar.
Kärhanada gazanylýan netijeler önümçilik işleriniň sazlaşykly ýola goýlandygyny we işgärleriň hünär baýramyna mynasyp zähmet sowgady bilen barýandygyny görkezýär.









