Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň «Şir ýag» zawodynda önümçiligi ösdürmek we önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Kärhana içerki bazary ýerli önümçilikde taýýarlanylýan, bäsleşige ukyply çalgy ýaglary bilen üpjün etmäge goşant goşýar.
Zawod ABŞ-dan, Türkiýeden we Ýewropa ýurtlaryndan getirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 20 müň tonna çenli çalgy ýagyny öndürmäge niýetlenendir.
Häzirki wagtda kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleri 92-ä ýetdi. Olaryň hatarynda doly we ýarym sintetiki hereketlendiriji ýaglary, senagat enjamlary, gidrawlik ulgamlar hem-de oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenen çalgy serişdeleri bar.
Öndürilýän önümleriň dürli ugurlarda ulanylmagy sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň esasy maksady önümçilik möçberlerini artdyrmak, önümleriň görnüşlerini giňeltmek we ýerli bazarda öz ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.







