Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatryklarynyň birinde ýerleşýän Türkmenabat şäheri häzirki döwürde halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şäheriň döwrebap halkara howa menzili hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.

2018-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen Türkmenabat halkara howa menzili häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlaryna hyzmat etmekde ähmiýetli merkezleriň biri bolup durýar. Ýewropa, Aziýa we beýleki sebitleri birleşdirýän howa ýollarynyň amatly çatrygynda ýerleşmegi menziliň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

2026-njy ýylyň geçen döwründe Türkmenabat halkara howa menziliniň daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeldi. Has takygy, menziliň tehniki we ýangyç hyzmatlaryndan 11 döwlete degişli 15 awiakompaniýa peýdalandy.

Hyzmat edilen kompaniýalaryň hatarynda Gruziýanyň «Georgian Airlines» we «GEOSKY Airline», Türkiýäniň «MNG Airlines», Täjigistanyň «Somon Air», Russiýanyň «Volga-Dnepr Airlines», «Gelix Airlines» we «Alpha Crux LLC», Belarusyň «Rada Airlines» hem-de «RubyStar Airways» awiakompaniýalary bar.

Mundan başga-da, Germaniýanyň «FAI Rent A Jet GmbH», Lýuksemburgyň «Luxembourg Air SA», Hytaýyň «DeerJet», ABŞ-nyň «OAC Aviation LLC», Malawiniň «Vise Air Ltd» we San Marinonyň «TAG Aviation» kompaniýalarynyň uçarlaryna degişli hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň şeýle giň gerimi Türkmenabat halkara howa menziliniň halkara howa ulaglary ulgamyndaky ornunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Şeýle hem bu gatnaşyklar Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň ösdürilmegine we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.