Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu onuň Türkmenistana ilçi wezipesine bellenenden soňra ýurduň sebitlerine ilkinji sapary boldy. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berilýär.

Ilçi sebitler bilen tanyşmagyň hem paýtagt bilen tanyşmak ýaly möhümdigini belläp, saparynyň dowamynda Lebap welaýatynyň dürli ugurlary bilen gyzyklandy.

Sapar welaýat häkimi bilen geçirilen duşuşykdan başlandy. Soňra Petra Dahtler «Weçerniý Turkmenabat» orkestriniň repetisiýasyna gatnaşdy we onuň dirižýory Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş boldy.

Diplomat Türkmenabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebe hem baryp gördi. «PASCH» — «Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary» başlangyjynyň çäklerinde işleýän bu okuw mekdebinde nemes dilini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Petra Dahtler mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşyp, okuwçylar bilen pikir alyşdy. Olaryň käbiriniň talyp haklary maksatnamalarynyň üsti bilen Germaniýada bolup görendigi bellenildi. Duşuşykda ilçi özüniň hünär ýoluna degişli maglumatlary paýlaşdy we ýaşlaryň sowallaryna jogap berdi.

Diplomat okuwçylaryň işjeňliginiň we nemes dilini öwrenmäge bolan höwesiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny aýdyp, mugallymlara zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Saparyň çäklerinde Petra Dahtler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem-de «Täze Zaman» jemgyýetçilik guramasyna baryp, olaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Lebap welaýatyndaky saparyny tamamlan ilçiniň indiki ugry Mary welaýaty boldy.