Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, ene-mamalarymyzdan miras galan nepis el hünärlerini ösdürmek we giňden wagyz etmek maksady bilen guralan bäsleşige Lebap welaýatynyň dürli etraplaryndan hem-de Türkmenabat şäherinden ussat keşdeçi zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan yglan edildi.
Gatnaşyjylar üç şert boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar gadymy keşdeçilik sungatynyň inçe tilsimlerini ýerine ýetirmek, milli egin-eşikleriň we nagyşlaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmek, şeýle hem el hünäriniň taryhy köklerini çeper beýan etmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Darganata etrabynyň keşdeçi gelin-gyzlary birinji orna mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çärjew we Dänew etraplarynyň wekilleri ikinji orny eýelediler. Türkmenabat şäherinden, şeýle hem Saýat we Farap etraplaryndan gatnaşan zenanlara üçünji orun berildi.
Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşik milli keşdeçilik däplerini dowam etdirmek, ýaş nesliň arasynda el hünärine bolan gyzyklanmany artdyrmak we türkmen zenanlarynyň çeper döredijilik ukyplaryny giňden wagyz etmek babatda ähmiýetli çäre boldy.









