«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Türkmenabadyň ýaş türgenleriniň üstünlikleri bilen hem şöhratlanýar. Şolaryň biri-de şäherdäki 9-njy sport mekdebiniň türgeni Aýlara Süleýmanowadyr.
Aýlara Süleýmanowa ýylyň dowamynda uşu we taýboks boýunça geçirilen döwlet hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dürli derejeli medallara mynasyp boldy.
Ol Gyrgyzystan Respublikasynda taýboks boýunça geçirilen halkara ýaryşda altyn medal gazandy. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala eýe boldy.
Ýaş türgeniň bellemegine görä, gazanylan üstünliklerde türkmen sportuny ösdürmäge, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy we ýokary derejeli türgenleriň kemala gelmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilýän giň gerimli işler möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda Aýlara Süleýmanowa tälimçisi Ruslan Çöliýewiň ýolbaşçylygynda beýleki türgenler bilen bilelikde öňde boljak halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär.
Ýurdumyzda döwrebap sport mekdepleriniň, stadionlaryň we türgenleşik meýdançalarynyň döredilmegi ýaş türgenlere ussatlygyny ýokarlandyrmaga hem-de täze sport üstünliklerine ymtylmaga giň mümkinçilik berýär.





