Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda etrap kitaphana müdirleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Kitaphana — hazynalar ummany» atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda kitaphana işgärleriniň hünär işini kämilleşdirmek, olaryň işinde elektron tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda kitaphanalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, täze gelip gowuşýan kitaplary bellige almak we bu ugurda öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek boýunça pikir alşyldy.

Maslahatda kitaphana hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, okyjylara hödürlenýän mümkinçilikleriň giňeldilmegi we ýaş nesliň kitap okamak medeniýetini ösdürmek bilen bagly teklipler hem beýan edildi.

Okuw maslahatynyň kitaphana işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we iş tejribelerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.