Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün etmek we sebitleriň ulag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýol-ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýolagçy gatnawlarynyň amatly guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Lebap welaýatynda hem ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Welaýatyň ulag mümkinçilikleriniň giňeldilmegi sebitara we halkara gatnawlarynyň ösdürilmegine hem oňyn täsir edýär.

Türkmenabat we Kerki şäherlerinde gurlan halkara howa menzilleri sebitiň howa ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini artdyrdy. Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçirilen döwrebap demirýol we awtoulag köprüleri ulaglaryň üznüksiz hereketini üpjün edýän möhüm desgalaryň hataryna girýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ulanmaga berilmegi hem ýurduň gündogar we merkezi sebitleriniň arasynda ulag aragatnaşygynyň hil taýdan täze derejesini emele getirdi. Welaýat merkezinde täze awtomenziliň gurulmagy, häzirki zaman awtobuslaryň we ýeňil ulaglaryň ulanylmaga berilmegi bolsa ýolagçylar üçin has amatly şertleri döretdi.

Häzirki wagtda welaýatda ýolagçy gatnawlarynyň yzygiderliligini üpjün etmek, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we hereket howpsuzlygyny berkitmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Ýol-ulag ulgamynda amala aşyrylýan şeýle taslamalar diňe bir ilatyň gündelik gatnawlaryny ýeňilleşdirmän, eýsem, Lebap welaýatynyň ykdysady, söwda we üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine şert döredýär.