Ogulnabat Jojarowa, Saýat etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy: Çagalaryň sazlaşykly ösmeginde, dünýägaraýşynyň giňemeginde we milli ruhda terbiýelenmeginde aýdym-sazyň aýratyn orny bar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda aýdym-saz bilen bagly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi körpeleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, gözellige bolan söýgüsini kemala getirmäge ýardam edýär.

Çaganyň irki ösüş döwründe alan terbiýesi onuň geljekde şahsyýet hökmünde kemala gelmegine uly täsir edýär. Şonuň üçin çagalar baglarynda milli terbiýä, halk döredijiligine, ertekilere we aýdym-saza aýratyn üns berilýär. Çagalar ertekileri diňlemegi, aýdym aýtmagy we saz bilen bagly oýunlara gatnaşmagy halaýarlar. Şeýle çäreleriň üsti bilen olaryň sungat baradaky ilkinji düşünjeleri kemala gelýär.

Aýdym-saz çagalaryň duýgularyna täsir etmek bilen çäklenmän, olaryň sözleýiş ukybynyň, ýatkeşliginiň we ünsüni jemlemek başarnygynyň ösmegine hem ýardam edýär. Aýdymlaryň sözlerini öwrenmek, sazlaşykly ýerine ýetirmek we köpçülikleýin aýdym aýtmak çagalaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, topar bolup hereket etmek endiklerini ösdürýär.

Çagalaryň gündelik durmuşy, oýunlary, tebigat we dostluk bilen baglanyşykly aýdymlar olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Aýdymlaryň mazmuny arkaly körpelerde dostluga, zähmete, ululara hormat goýmaga, birek-birege kömek etmäge we tebigaty söýmäge degişli oňyn häsiýetleri kemala getirmek bolýar.

Aýdym-saz sapaklarynda çagalaryň täze aýdymlary öwrenmegi, olary bilelikde ýerine ýetirmegi hem-de dürli saz gurallarynyň owazlary bilen tanyşmagy olaryň döredijilik ukyplaryny açmaga mümkinçilik berýär. Hoş owazly sazlar çagalaryň keýpini göterýär, çeperçilik duýgusyny ösdürýär we sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Şeýlelikde, aýdym-saz çagalar baglarynda diňe bir dynç alyş ýa-da güýmenje serişdesi bolman, eýsem, körpeleriň akyl, ruhy we ahlak taýdan ösüşine ýardam berýän möhüm terbiýeçilik serişdesidir. Şonuň üçin çagalar bilen geçirilýän aýdym-saz çäreleriniň mazmunly we gyzykly guralmagy geljekki nesliň sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir.