Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynda medeni-köpçülikleýin çäreler giň gerimde geçirilýär. Şol çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynda guralan şekillendiriş sungaty sergisi hem bar.
Sergide Farap etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Hamida Nabiýewanyň we onuň şägirtleriniň 200-den gowrak eseri görkezildi. Olarda parahatçylyk, ýurdumyzyň ösüşleri, milli gymmatlyklar, gadymy däp-dessurlar we tebigy gözellikler dürli žanrlarda şekillendirilýär.
Sergä gelenleriň ünsüni «Parahatçylyk», «Arzuw», «Ak pata», «Sataşan ýyldyzlar», «Obamyzdaky köl», «Magtymguly zergär» we «Ene» ýaly eserler özüne çekýär. Bu işlerde oba durmuşynyň gözelligi, asuda ýaşaýşyň höziri, tebigatyň baýlygy çeperçilik bilen beýan edilýär.
Aýratyn-da, «Parahatçylyk» eserinde ýaşyl jülgeleriň üstünde ganat ýaýýan garlawaçlaryň üsti bilen asuda durmuşyň gözelligi açylyp görkezilýär. «Sataşan ýyldyzlar» atly işde bolsa ahalteke bedewleriniň keşbi arkaly bagt, söýgi we ömür ýoldaşlygy baradaky pikirler çeper beýan edilýär.







