Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny wagtynda ýüze çykarmak, olaryň zehinini ösdürmek we saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmegine ýardam bermek mugallymlaryň esasy wezipeleriniň biridir. Her bir çaganyň özüne mahsus gyzyklanmalary, zehini we döredijilik mümkinçilikleri bolýar. Şol aýratynlyklary açyp görkezmekde hem-de ýaşlary dogry ugra gönükdirmekde mekdepden daşary bilim edaralarynyň ähmiýeti uludyr.

Döwletli etrabynyň Dostluk şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hem bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ýerde ýaş nesliň okuwdan boş wagtyny netijeli peýdalanmagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi we dürli ugurlarda öz başarnyklaryny görkezmegi üçin mümkinçilikler döredilýär.

Döredijilik öýünde alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri-de çagalarda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza we medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmekden ybaratdyr. Şeýle terbiýeçilik işleri ýaşlaryň milli köklere sarpa goýýan, döredijilikli pikirlenýän şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär.