2026-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Lebap ýörite sungat mekdebinde görnükli türkmen kompozitory, SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýraklarynyň eýesi Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler.

Milli saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan kompozitor opera, simfoniki eserleriň, kantata-oratoriýalaryň, şeýle hem köpçülige giňden tanalýan aýdymlaryň we romanslaryň awtorydyr. Onuň döredijiligi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giňden meşhurlyk gazandy. Kompozitoryň sungat we jemgyýetçilik işjeňligi birnäçe hormatly atlar we döwlet sylaglary bilen bellenildi.

Ýubileý çäresi kompozitoryň ömri we döredijilik ýoly barada multimedia tanyşdyrylyşy bilen açylar. Ony saz taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Aziza Seýitkulyýewa taýýarlaýar.

Soňra şol bölümiň mugallymlary ylmy-nazary çykyşlar bilen çykyş ederler. Jeýran Joraýewa «Türkmen süýitasynda» we «Meniň Watanym» simfoniki poemasynyň döredilmeginde türkmen halk sazlarynyň ulanylyşy barada gürrüň berer. Şükürbaý Jorakulyýew bolsa kompozitoryň sahna eserleriniň aýratynlyklaryna ünsi çeker. Çykyşlarda eserleriň dörediliş taryhy, ilkinji sahna goýluşlary we Weli Muhadowyň özboluşly saz dili barada maglumat berler.

Agşamyň konsert maksatnamasynda kompozitoryň kamera-instrumental we wokal eserleri ýerine ýetiriler. Olaryň hatarynda «Söýgülim gelýär», «Aşyklaryň şäheri», «Bagşynyň aýdymy», «Ilki söýgim nirde sen» we «Kerwen» ýaly meşhur aýdymlar, şeýle hem «Ganly saka» operasyndan Aýlaryň we Çaryýaryň ariýalary bar.

Eserleri wokal ussatlygy bölüminiň mugallymlary Agajan Genjimow, Şirinjan Gurbanowa, Atajan Hemraýew we Orazgül Bazarowa, şeýle-de fortepiano bölüminiň mugallymy Dilber Hudaýewa ýerine ýetirer. Konsertmeýsterler hökmünde Dilara Awanesowa we Leýla Haidowa çykyş ederler.