Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastynda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen 20-nji Aziýa birinjiliginde Türkmenistanyň ýaş türgenleri üstünlikli çykyş edip, jemi 10 medala mynasyp boldular. Şol medallaryň bäşisini Lebap welaýatynyň ýaş küştçüleri gazandylar.

Dünýäniň 14 döwletinden 318 ýaş küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda lebaply türgenler dürli ýaş toparlarynda öz ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlary eýelediler.

Lebaply türgenleriň gazanan medallary

Çärjew etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Hangeldi Myradow 7 ýaşly küştçüleriň arasynda rapid görnüşinde Aziýanyň çempiony bolup, altyn medal gazandy. Ol blitz görnüşinde hem üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Begül Jumaýewa 9 ýaşly türgenleriň arasynda rapid boýunça iki kümüş medal gazandy.

Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýa Baýramowa bolsa 13 ýaşly küştçüleriň arasynda rapid görnüşinde ikinji orny eýeläp, Aziýanyň wise-çempiony boldy we kümüş medal bilen sylaglandy.

Lebaply ýaş küştçüleriň halkara ýaryşda gazanan bu üstünlikleri olaryň zehininiň, yhlasynyň we türgenleşikleriniň netijesidir. Şeýle çykyşlar ýaşlaryň küşt sportuna bolan höwesini artdyrmakda hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaş türgenlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys we olara geljekki ýaryşlarda täze ýeňişleri arzuw edýäris.