Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastynda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýa birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň ýaş türgenleri jemi 10 medala mynasyp boldular. Şol medallaryň sekizisini Lebap welaýatynyň ýaş küştçüleri gazandylar.
Ýaryşda Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçylary, doganlar Bägül we Bahar Jumaýewalar aýratyn üstünlik gazandylar.
7 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda çykyş eden Bahar Jumaýewa rapid görnüşinde Aziýanyň çempiony bolup, altyn medal gazandy. Şeýle-de ol blis görnüşinde kümüş, nusgawy küşt boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Bägül Jumaýewa 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda rapid we blis görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edip, iki kümüş medal gazandy.
Ýaş küştçüler Dänew etrabyndaky 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Rozumyrat Kurbandurdyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.
Lebaply küştçüleriň bu üstünligi welaýatda ýaşlar sportunyň, şol sanda küştüň ösdürilmegine gönükdirilen işleriň netijeliligini görkezýär.








