Lebap welaýatynyň taryhy-medeni mirasy ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesini, gadymy ýaşaýyş medeniýetini we binagärlik sungatyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Kerki etrabynda ýerleşýän Gyzylaýak gala taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri hem bu gadymy mesgeniň geçmişine degişli täze maglumatlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan bu ýerde gazuw-barlag işleri geçirildi.
Bu işlere degişli edaralaryň hünärmenleri bilen birlikde «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň işgärleri, ýerli mugallymlar we mekdep okuwçylary hem gatnaşdylar. Olaryň ýardam bermegi gazuw-barlag işleriniň geçirilmegine goşant goşdy.
Gyzylaýak galada alnyp barylan ylmy barlaglar gadymy ýaşaýyş medeniýetini, binagärlik aýratynlyklaryny we ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini has içgin öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýüze çykarylan tapyndylar bu taryhy ýadygärligiň geçmişini ylmy esasda öwrenmekde, şeýle hem sebitiň baý taryhy-medeni mirasyny geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýetlidir.
Taryhy ýadygärliklerde geçirilýän şeýle barlaglar ýurdumyzyň gadymy geçmişini öwrenmäge, milli mirasymyza bolan gyzyklanmany artdyrmaga we taryhy gymmatlyklary gorap saklamaga ýardam berýär.
Çeşme: Lebap.biz







