Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna täze sahna eseri bilen gatnaşmaga taýýarlanýar.

Teatryň döredijilik topary dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Tekepbir gyz» pýesasynyň esasynda «Oguz ýigidi» atly täze spektakly sahnalaşdyrýar. Täze esere režissýor Döwran Joraýew ýolbaşçylyk edýär.

Spektaklda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, maşgala terbiýesiniň ähmiýeti, ýaşlaryň edep-ekramy hem-de ynsanperwerlik gatnaşyklary giňden beýan edilýär. Eserde beýan edilýän wakalar Tulpar gyz bilen Helebaýyň ykballarynyň daşynda jemlenýär.

Baş gahrymanlaryň keşplerini teatr artistleri Gülälek Jumaýewa we Nurýagdy Döwletow ýerine ýetirýärler. Spektakla Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow bilen Akjagül Suwhanowanyň gatnaşmagy hem eseriň çeperçilik derejesini has-da ýokarlandyrýar.

Halypa artistleriň sahnadaky ussatlygy keşpleriň häsiýetlerini açyp görkezmäge, eserdäki wakalary tomaşaça has täsirli we ynandyryjy görnüşde ýetirmäge ýardam eder.

Lebap teatry täze möwsümde diňe täze sahna eserlerini däl, eýsem ozal tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp bolan spektakllary hem täzeden sahnalaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy ýaly möhüm senelere bagyşlanan teatrlaşdyrylan çykyşlar we aýdym-sazly medeni maksatnamalar taýýarlanar.

Lebap welaýatynyň teatrynyň täze döredijilik işleri milli sahna sungatynyň ösdürilmegine, türkmen medeniýetiniň baý däpleriniň giňden wagyz edilmegine we tomaşaçylara mazmun taýdan täze eserleriň hödürlenmegine gönükdirilendir.