1942-nji ýylda Darganata etrabynyň Sediwer obasynda dünýä inen şahyr Giçgeldi Aşyrowyň çagalyk ýyllary Jeýhunyň çep kenarynda ýerleşýän obada geçýär. Ol heniz bir ýaşyna ýetmänkä, kakasy Aşyr daýy maşgalasyny şol döwürde ýaňy döredilen «Darganata» sowhozyna göçürip getirýär.
Giçgeldi Aşyrow bilen goňşy bolup ýaşap başlanymyz 1959-njy ýylyň güýzüne gabat gelýär. Şahyryň kakasy Aşyr daýy düýekeşdi. Ejesiniň ady Ogsoltandy. Oba adamlary we goňşulary oňa köplenç «Oguljan daýza» diýip ýüzlenýärdiler. Emma onuň hakyky adyny tutup ýüzlenýän ýeke-täk adam ýanýoldaşydy.
Şahyryň durmuşyndan we onuň bilen goňşy bolup geçen ýyllardan galan bu ýatlamalar Giçgeldi Aşyrowyň şahsy durmuşyna, maşgalasyna hem-de önüp-ösen gurşawyna degişli ýakymly pursatlary ýatladýar.






