Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa milli halyçylyk sungatyna uly höwes bildirýär. Ol bu gadymy senediň inçe syrlaryny maşgalasynyň tejribeli halyçylaryndan öwrenip, geljekde ussat halyçy bolmagy maksat edinýär.
Jahanyň halyçylyk sungatyna bolan söýgüsi maşgalasynda kemala gelipdir. Onuň enesi Türkmenistanyň at gazanan halyçysy bolup, ejesi hem ençeme ýyl bäri haly dokamak bilen meşgullanýar. Şonuň üçin hem çagalykdan halyçylyk sungatynyň gözelligini görüp ulalan Jahan bu hünäriň inçe tärlerini özleşdirmäge aýratyn höwes edýär.
Ol häzirki wagtda enesinden we ejesinden haly dokamagyň usullaryny öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, özbaşdak haly hem dokaýar. Okuwçy gyzyň bu ugurdaky başarnygy ýaşlyk ýyllarynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginde hem ýüze çykypdyr. Ol başlangyç synplarda okaýan döwründe halyny nepis hem-de çalt dokamak ukyby bilen tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başarypdyr.
Jahan Jumadurdyýewanyň esasy maksady ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk däplerini has içgin öwrenmek, olaryň baý tejribesini dowam etdirmek we geljekde ýokary çeperçilik derejesindäki haly eserlerini döretmekden ybaratdyr.
Ýaş zehiniň bu ugurdaky yhlasy milli gymmatlyklarymyza bolan söýginiň ýaş nesliň arasynda dowam etdirilýändigini görkezýär. Halyçylyk sungatynyň nesilden-nesle geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljekki nesillere ýetirilmegine ýardam berýär.







