Gülzada Seýitkulyýewa, Farap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň müdiri: Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda 24-nji orta mekdebiň täze, döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi täze okuw ýylynyň şatlykly we ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Täze bilim ojagynyň açylyşy mynasybetli etrap bilim bölüminde geçirilen hoşallyk maslahatynda bu wakanyň bilim ulgamynyň işgärleri üçin aýratyn buýsançly pursatdygy bellenildi.

Maslahata etrap bilim bölüminiň işgärleri, orta mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlar hem-de bilim ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda 600 orunlyk täze mekdebiň açylmagy bilen okuwçylar üçin döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy.

Soňky ýyllarda Farap etrabynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw mekdepleriniň şertlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde 2023-nji ýylda Farap şäherinde 960 orunlyk täze orta mekdep gurlup, ulanmaga berildi.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda 600 orunlyk täze mekdebiň döwrebap binasy açylyp, okuwçylaryň hyzmatyna ýetirildi.

Täze mekdepde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Bilim ojagynda 44 sany okuw otagy, 4 sany lingafon otagy we 2 sany kompýuter otagy bar. Bu mümkinçilikler okuw sapaklaryny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda guramaga, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmaga hem-de okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Täze bilim ojagynyň ulanmaga berilmegi diňe bir Bozaryk obasynyň okuwçylary üçin amatly şertleriň döredilmegi däl, eýsem, Farap etrabynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr. Şeýle döwrebap bilim ojaklarynyň sanynyň artmagy ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyna we geljekde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak hünärmenleriň kemala gelmegine giň ýol açýar.