Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan hem-de «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirler gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Kitaphananyň gaznasyna Gahryman Arkadagyň «Watançylyk taglymaty» atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerindäki neşirleri, şeýle hem Halyl Kuliýewiň we Italmaz Nuryýewiň goşgular ýygyndylary goşuldy. Täze kitaplar okyjylar köpçüligine hödürlenenden bäri uly gyzyklanma döredýär.
Gelip gowşan neşirler etrap we şäher kitaphanalaryna paýlanyldy. Şeýle hem olar elektron kitaplaryň sanawyna girizildi. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi.








