Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda we geljekki hünär mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Esasan-da, iňlis dilini öwretmekde okuwçylaryň diňe bir söz baýlygyny artdyrmak däl, eýsem, olaryň diňläp düşünmek, erkin geplemek, okamak we ýazmak endiklerini hem sazlaşykly ösdürmek zerurdyr. Bu ugurda sanly tehnologiýalar mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Okuw sapaklarynda temanyň mazmunyna laýyklykda saýlanan ses ýazgylaryny, gysga wideolary, şekilli görkezmeleri we interaktiw ýumuşlary ulanmak bilim bermegiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, okuwçy täze sözi diňe bir ýatda saklamak bilen çäklenmän, onuň dogry aýdylyşyny diňläp, sözlemde nähili ulanylýandygyna hem düşünýär. Şeýle çemeleşme täze maglumatlaryň has gowy özleşdirilmegine ýardam berýär.

Mundan başga-da, söz düzümlerini öwrenmäge gönükdirilen elektron gönükmeler, suratlar esasynda gürrüňdeşlik guramak we sowal-jogap görnüşindäki ýumuşlar sapaklaryň gyzykly hem-de täsirli geçmegine mümkinçilik döredýär. Sanly serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagy okuwçylaryň sapaga bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň dil öwrenmek endikleriniň kämilleşmegine hem oňyn täsir edýär. Bu barada Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Renagül Babanyýazowa belleýär.